Dynç güni, 17-nji awgustda, Daşoguz sebitindäki döwlet edaralarynyň işgärleri bu ýylyň pagta ýygymy möwsüminde ilkinji gezek pagta ýygmaga çykdylar diýip, “Turkmen.News” neşiri habar berýär.
Neşiriň maglumatyna görä, çagalar baglarynyň işgärleri, mekdep mugallymlary we beýleki döwlet edaralarynyň işgärler oba hojalyk işlerine gatnaşmaga borçly edildi we pagta ýygmaga gitmejekleriň her gün 25 manat möçberinde pul tölemegi talap edilýär.
Şeýle-de, neşir Lebap, Mary welaýatlarynda býujet edaralarynyň işgärlerinden häzir pagtaçylary hakyna tutmak üçin diňe pul tölemegiň talap edilýändigini belleýär.
Azatlygyň habarçylary ýurtda dowam edýän mejbury zähmet, býujet edaralarynyň işgärlerinden ýygnalyp alynýan serişdeler barada yzygiderli habar berýärler.
Emma türkmen häkimiýetleri bu habarlary ne tassyklaýar, ne-de ret edýär.