Gyrgyzystanda öz janyna kast eden gelniň adamsyna şertli ýyl kesildi

Aýturgan Mamatkulowa adamsy bilen

Bişkek şäheriniň Oktyabrskiý etrap kazyýeti, öz janyna kast eden 25 ýaşly Aýturgan Mamatkulowanyň adamsyny bäş ýyl şertli tussaglyga höküm etdi diýip, Azatlyk radiosynyň Gyrgyz gullugy kazyýetiň metbugat gullugyna salgylanyp ýazdy.

Ol aýalyny öz janyna kast etmäge çenli baryp ýetirmekde günäkär tapyldy (Jenaýat kodeksiniň 128-nji maddasynyň 1-nji bölümi). 2-nji iýulda yglan edilen höküm diňe häzir mälim boldy.

Aýturgan Mamatkulowa 2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda Bişkekdäki keselhanada aradan çykdy. Onuň ölümi baradaky habary garyndaşlaryna giýewleri telefon arkaly habar berdi. Ol Aýturganyň öz janyna kast etmäge synanyşandygyny we derman içendigini aýtdy.

Mamatkulowa 2023-nji ýylyň tomsunda öz klasdaşyna durmuşa çykdy. Ýakynlarynyň aýtmagyna görä, toýdan gysga wagt soň ol maşgala zorlugyna sezewar bolmaga başlady.

Garyndaşlary Aýturganyň adamsynyň onuň ýogalandygyny bu wakadan bäş sagat soň aýdandygyny aýtdylar.

Azattyk radiosynyň žurnalistleri onuň bilen habarlaşmaga birnäçe gezek synanyşdylar, ýöne ol düşündiriş bermekden kesgin ýüz öwürdi.