Srpska Respublikasynyň premýer-ministri Radowan Wiskowiç işinden çekildi

Radowan Wiskowiç

Srpska Respublikasynyň (Bosniýa we Hersegowina düzümindäki özbaşdak gurama) premýer-ministri Radowan Wiskowiç işinden çekildi diýip, Azatlyk radiosynyň Balkan gullugy habar berdi.

Wiškowiç Milorad Dodigiň ýolbaşçylygyndaky Garaşsyz sosial demokratlar bileleşiginiň (SNSD) agzasy bolup, onuň işinden çekilmeginiň sebäpleri anyklaşdyrylmady.

Radowan Wişkowiç indi täze hökümetiň saýlanjakdygyny we özüniň işden çekilmeginiň "Srpska respublikasynda has giň ylalaşyga gelmek üçin goşulan goşantdygyny" aýtdy. Ol SNSD agzasy bolup galjakdygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Bosniýa we Hersegowinanyň Merkezi saýlaw komissiýasy 6-njy awgustda Srpska respublikasynyň 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda saýlanan prezidenti Milorad Dodigiň ygtyýarlyklaryny ýatyrdy.

Bu çäre Bosniýa we Hersegowina kazyýeti ony 2025-nji ýylyň fewralynda gaýybana bir ýyl azatlykdan mahrum edip, BMG-niň wekiliniň kararlaryny ýerine ýetirmänligi sebäpli, alty ýyl syýasat bilen meşgullanmasyz edeninden soň görüldi.