Ukrainanyň Goranmak ministrliginiň Baş aňtaw gullugy (GUR) Russiýanyň Ýaragly güýçleriniň "Demirgazyk" toparynyň serkerdebaşysynyň orunbasary, general-leýtenant Esedulla Abaçýewiň ýaralanandygyny habar berdi.
Ukrain aňtaw gullugynyň maglumatyna görä, ol 16-njy awgustdan 17-nji awgusta geçilýän gije, Kursk sebitindäki Rylsk-Homutowka awtoulag ýolundan barýan rus ulag kerwenine edilen hüjümde ýaralanypdyr.
Ukrainanyň Goranmak ministrliginiň Baş aňtaw gullugynyň tassyklamagyna görä, harby ulag uçary bilen Moskwanyň Wişnewskiý adyndaky merkezi harby kliniki hassahanasyna getirilen generalyň bir eli we bir aýagy amputasiýa edildi.
Abaçýew dagystanly bolup, "Resuldan sora" atly dagystan telegram kanaly öz çeşmesine salgylanyp, onuň ýagdaýynyň agyrdygyny, ýöne durnuklydygyny ýazdy.
Iýul aýynyň başynda Russiýanyň Harby deňiz güýçleriniň baş serkerdebaşysynyň orunbasary, general-maýor Mihail Gudkowyň we Russiýanyň Ýaragly güýçleriniň 155-nji aýratyn deňiz brigadasynyň serkerdesi Sergeý Iliniň Kursk sebitinde öldürilendigi mälim boldy.
Russiýanyň Goranmak ministrligi bu wakanyň 2025-nji ýylyň 2-nji iýulynda "Kursk sebitiniň serhetýaka sebitleriniň birinde, söweş operasiýalary wagtynda" bolandygyny habar berdi.