Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zähmet migrantlary türkmen diplomatlaryny parahorlukda aýyplaýar


Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy. Aşgabat.
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy. Aşgabat.

Ýewropa ýurtlaryna gelip, yzda galan maşgalalaryny eklemäge çalyşýan müňlerçe türkmen migranty daşary ýurtlardaky türkmen ilçihanalaryndan gyssagly gerek bolýan resminamalary almakda uly kynçylyk çekýärler diýip, Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen türkmenistanlylar aýdýar.

Olaryň tassyklamagyna görä, ilçihanalaryň işgärleri zähmet migrantlaryna gerek bolýan resminamalary bilkastdan gijikdirip, ozalam kyn şertlerde işleýän we ýaşaýan ildeşleriniň ýagdaýlaryny agyrlaşdyrýarlar.

Rumyniýada, Çehiýada, Polşada, Latwiýada, Litwada, Awstriýada, Germaniýada we Belgiýada ýaşaýan we işleýän türkmenistanly migrantlaryň onlarçasy Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolup, konsullyk işgärleriniň arasynda raýatlary para bermäge mejbur etmäge synanyşýan emeldarlaryň hem bardygyny öňe sürdi.

Emma Azatlyk bu aýyplamany resmi ýagdaýda tassykladyp ýa inkär etdirip bilmeýär.

Kebşirleýji ussa ilçihana sebäpli 'gowy iş mümkinçiligini ýitirdi'

Buharest şäherindäki türkmen ilçihanasyna ýüz tutan metal kebşirleýji ussa özüne Türkmenistanda jenaýat jogapkärçiligine çekilmändigini tassyklaýan resminamanyň, jenaýat ýazgylary sertifikatynyň gerek bolandygyny, emma ony almagyň emeli ýagdaýda kynlaşdyrylýandygyny aýtdy.


“Rumyniýada bir türk firmasynda işleýärin, ýöne aýlyklary wagtly-wagtynda bermeýärler. Men Litwada sagadyna 15 ýewro tölejek firma tapdym. Oňa resminamalar gerek boldy. Türkmenistandan öň alan resminamamyň möhleti geçen ekeni. Ilçihanadan täzesini almakçy boldum. Emma Buharestdäki ilçihananyň işgäri ‘Tassyknama üç-alty aýyň dowamynda taýýar bolar’ diýdi. Şol bir wagtda, ýanymda işleýän başga bir türkmen, araçynyň üsti bilen 700 ýewro berdi-de, resminamany bir hepde içinde aldy” diýip, söhbetdeşimiz özüniň täze iş mümkinçilikden mahrum bolandygyny hem sözüne goşdy.

Maglumat üçin aýdylsa, jenaýat ýazgylary diýilýän sertifikat köp ýurtda örän gysga wagtda berilýär. Emma Türkmenistan, hökümet mejlislerinde sanly dolandyryşa geçmek barada edilýän uzak gürrüňlere garamazdan, resminamalaryň berlişini tizleşdirip bilmeýär diýip, synçylar aýdýarlar.

Şu aralykda, türkmen häkimiýetleriniň kynlaşdyrýan ýagdaýlaryndan, belki-de bilelikde, aňsat gazanç edýän adamlaryň hem köpelýändigi öňe sürülýär.

Türkmen araçylary 'her ýerde ýeteşikli'

Düýbi Germaniýada ýerleşýän zähmet gullugy, “Aýnazar Production” agentligi ilçihanalaryň töwereginde bolup, resmi däl araçylyk hyzmatlaryny hödürleýär we ýerine ýetirýär diýip, Azatlygyň çeşmesi bu agentligiň öz hyzmaty üçin ‘gowy töleg’ soraýandygyny öňe sürdi:

“...Ýewropada migrantlara iş tapyp bermek bilen meşgullanýan agentligiň işgärleri ilçihanalardan alynmaly resminamalary hem tizleşdirip berýärler. Olar suda çekilmändigiň baradaky şahadatnama üçin 700 ýewro, şahsyýetnamalaryň ýa-da nikanyň tassyklamasy üçin 400 ýewro, goşun gullugy baradaky resminamalar üçin bolsa 1000 ýewro talap edýärler” diýip, Germaniýada ýaşaýan türkmenistanly migrant aýtdy.

Ýewropa ýurtlarynda işleýän zähmet migrantlarynyň köpüsi, ýaşaýyş we iş rugsatnamasyny aljak bolanlarynda, iş, ýaşaýyş ýerlerini üýtgedenlerinde soralýan resminamalary jemlemekde, möhleti geçen resminamalaryny täzeden almakda dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Bu kynçylyklar, migrantlaryň aýtmaklarynda görä, köplenç türkmen ilçihanalarynyň we konsullyklarynyň işgärleriniň öz işlerini kanun esasynda etmezligi, öz işlerini başarmazlygy ýa-da wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmaga synanyşmagy bilen baglanyşykly diýip, Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen öňki diplomat aýtdy.

Migrant ýagdaýyny kynlaşdyrmagyň Türkiýede synag edilen 'tejribesi'

Türkmen ilçihanalarynyň işgärleriniň ýa-da Aşgabatdaky häkimiýetleriň raýatlaryň möhleti geçen pasportlarynyň möhletlerini uzaltmakda döreden emeli kynçylyklary Türkiýede müňlerçe zähmet migrantynyň resmi däl ýagdaýa düşüp, goşmaça kynçylyklar bilen ýüz-ýüz bolmagyna sebäp boldy, bu ýurda, işçileriň yzda galan maşgalalaryna iberýän pullarynyň möçberine hem zarba urdy diýip, öňi diplomat sözüniň üstüni ýetirdi.

Ozal Türkiýede işläp, soňra gowy şert gözläp, başga birki ýurtda bolan migrant, türkmen emeldarlarynyň baran ýerinde, ýa demrinden, ýa kömründen, näme üçindir, para meselesiniň hökman gün tertibine gelýändigini, munuň sebäbine hiç düşünip bilmeýändigini aýtdy.

Polşada ýaşaýan türkmen migranty hem habarçymyza şuňa meňzeş pikire gelendigini aýtdy:

“Biziň ýagdaýymyzda wagt örän möhüm. Resminamalary wagtynda bermeseler, işden mahrum bolýarys, ýaşaýyş rugsatnamasyny uzaldyp bilemizok. Netijede, para bermän ýaşap bolmajak ýaly ýagdaý döreýär.”

Maglumat üçin aýdylsa, migrantlar bilen baglylykda, öz wezipe ygtyýarlyklaryndan bikanun peýdalanýan döwlet işgärleri Ýewropa ýurtlarynda hem ‘tapylýar’.

Türkmen migrantlaryny Ýewropa ýurtlaryna bikanun geçirmek bilen meşgullanýandygyny aýdýan türkmen toparynyň agzasy “Bu ugurda gürjüstanly oglan-gyzlar bilen işleşýäris. Bolgariýa we Ruminiýa ýaly ýurtlardan üstaşyr ýewropa getirmek gaty ýeňil. Ol ýeriniň polisiýanysynda öz adamlarymyz bar we olara biz para berýäris” diýip, Azatlyk bilen golaýda eden gürrüňinde aýtdy.

Azatlyk çeşmeleriň aýdan zatlaryna resmi düşündiriş almak üçin Türkmenistanyň Buharestdäki ilçihanasyna hem, "Aýnazar Production" agentligine hem telefon etdi, hat ýazdy, emma olaryň hiç birinden hiç bir düşündiriş alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG